«Wulwerhemptonyň» ýarymgoragçysy Adam Traore ýatdagalyjy oýunlary bilen klubyň ýolbaşçylaryny özi üçin amatly şertlerde şertnama baglaşmaga göwnetdi.
Geçen hepdede Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hatarynda ilkinji gezek meýdança çykan Traore bilen «Liwerpuldyr» «Barselona» hem gyzyklanýar. Emma onuň «Wulwerhemptonda» galmagyna garaşylýar. Häzirki topary Adam Traore bilen hepdesine 100 müň funt tölemäge borçlanýan şertnama baglanyşar.
«The Sun» neşiriniň berýän habaryna görä, 24 ýaşly Traoreniň ozalky şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagyna ýene 2 ýyl galypdyr. Ol täze şertnama laýyklykda, hepdede 100 müňden az bolmadyk möçberde hak alýan 4-nji oýunçy bolar. Beýleki, 3 oýunçynyň derwezeçi Ruý Patrisiu, ýarymgoragçy Žoau Moutinýo we hüjümçi Raul Himenesdigini ýatladýarys.
Traore «Barselonanyň» futbol mekdebiniň uçurymy bolsa-da, «Aston Willada» we «Midlsbroda» hem oýnapdyr. Geçen möwsümde ol «Wulwerhemptonyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 54 oýna gatnaşyp, 6 gezek tapawutlanypdyr we 12 gezek gol geçirmäge ýardam edipdir.