2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2020 – 2021-nji okuw ýylynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýakynda ulanylmaga berlen sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynda ýaýbaňlandyrylan dabarada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň jogapkär işgärleri şeýle hem institutyň professor mugallylary çykyş etdiler.
Dabarada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna giň orun berildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleriniň görkezme çykyşlary şowhunly elçarpyşmalara mynasyp boldy.
Arslan HANDURDYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.