Soňky habarlar

Arassaçylyk — saglygyň girewidir

 «Üst-başyňy tämiz saklamaly», «Saçaga eliňi ýuwup geçmeli», «Irden turup dişiňi ýuwduňmy» we şuňa meňzeş ençeme jümleleri çagalygymyzdan bäri ene-atalarymyzdan her günde eşidýändiris. Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek endigimiz saglygymyzy goramakda uly ähmiýete eýedir. Ellerimizi wagtly-wagtynda ýuwmak bizi zyýanly mikroblaryň bedenimize düşmeginden goraýar. Daş çykylanda elleriňe zyýansyzlandyryş serişdelerini sepmegiň hem mikroblardan goraýjylyk ähmiýeti bardyr.

Ellerini ýuwmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, zyýansyzlandyryş serişdesini ýanyňyz bilen götermek arkaly bu meseläni aradan aýryp bilersiňiz.  Şeýle-de, şahsy arassaçylygy berjaý etmekde maşgala agzalarynyň her biriniň aýratynlykda süpürgijiniň, elýaglygynyň bolmagy-da hökmandyr. El süpürilýän hem-de hammamdan çykaňsoň, bedeniňi süpürmekde ulanýan süpürgijiň aýry bolmalydyr.

Iş otagyňyzyň we öýüň içiniň hem her gün ýelejiredilip durulmagy we yzygiderli tämizlenip durulmagy we beýleki arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi zerurdyr. Lukmanlar tämizleýji serişdeler ulanylanda, elleriňize ýörite arassaçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen ellikleri geýmegi maslahat berýärler. Arassaçylyk kadalarynyň dogry we doly ýerine ýetirilmegi saglygymyzy goramagyň iň ygtybarly serişdeleriniň biridir.