Soňky habarlar

Demirgazykda dörän görnüş

Skandinaw ýörişi geçen asyryň birnji ýarymynda hem ulanylypdyr. Ony ilkinji bolup, fin lyžaçylary peýdalanmaga başlapdyrlar. Türgenler tomsuň dowamynda özleriniň sport endiklerini ýitirmezlik üçin ýöränlerinde gar, lyža bolmasa-da lyža taýaklaryny ulanyp ýöräpdirler. Şonda hem şeýle ýöremekligiň peýdasy ilkinji gezek ýüze çykarylypdyr.

Bu ýagdaý sport lukmançylygy boýunça hünärmenleri örän gyzyklandyrypdyr. Şonuň üçin hem geçen asyryň 80-nji ýyllarynda şeýle türgenleşikleriň bedene edýän peýdaly täsiri hem-de onuň haýran galaýmaly netijelilligi doly öwrenilýär. Netije-de taýakly ýöremak ilki skandinaw ýurtlarynda, az-kem soňra bolsa tutuş dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolýar.

Soňky döwürde taýakly şwed ýörişi diňe bir umumy saglygy pugtalandyrmak üçin peýdalanylman, bejeriş we saglygy dikeltme serişdesi hökmünde hem giňden peýdalanylýar. Meselem, şeýle maşklar aýaklaryň bogunlary tutuşlygyna protezlenenden soňra dikeldiş boýunça maksatnama girýär.

Şunuň ýaly ýöremek kim üçin has peýdaly? Ol hemmeler üçin peýdaly, ýöne dem alyş, gan aýlanyş ulgamlarynyň bozulmalarynda, osteohondrozda, osteoprozda, artrozda hem-de artykmaç agramda bu has hem peýdalydyr.