Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda 21-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. 3-nji aýlawyň jemleýji 21-nji tapgyrynda «Olimpden» 14:1 hasabynda üstün çykan «Köpetdag» topary 55 utuk bilen 1-nji orny eýeleýär.
«Migrasiýa» bilen «Senagatbankyň» arasyndaky oýunda hasap açylmady.
Bu tapgyrdan soň «Senagatbank» 40 utuk bilen 2-nji orny eýelesi, 38 utuk toplan «Migrasiýa» 3-nji orna eýelik edýär.
Tapgyryň beýleki duşuşygynda «Deňizçi» «Serhetçiden» (9:3) üstün çykdy.
«Köpetdag» toparynyň oýunçysy Mülkaman Annagulyýew derwezelere girizen 44 goly bilen iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda 1-nji orny eýeleýär.
Naýbaşy futzal ligasynyň dördünji aýlawynyň ilkinji tapgyry (22-nji tapgyr) duşuşyklary 30-njy oktýabrda geçiriler.
www.tff.com.tm