18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine bardy.
Bu ýerde döwlet Baştutany degişli taýýarlyk işlerini ýerine ýetirip, sport ulaglarynyň birini synagdan geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz täze sport awtoulagyny synagdan geçirip, ýurdumyzda awtosport boýunça çempionatlary geçirmäge ak pata berip, bu awtoulagy IIM-niň awtosport merkezine sowgat berdi.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, «Volkicar-drift», toparlaýyn «Volkicar» görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň şu ýyl üçin köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägine degişli bolan «Garagum ýalkymy» atly alaw odunyň ýanyndaky ýerden ýaryşlara badalga berildi. Sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna toparlaryň 10-sy gatnaşdy.
Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugry boýunça badalga alan türgenler Garagum sährasynyň içi bilen 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşdylar.
Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň elektron senagatynyň önümleri bolan gymmatly baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.