Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ahalteke bedewlerine we alabay itlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi.
Duşuşyga brifingiň meselesine dahylly bolan ugurdaş düzümlerden başga-da, daşary syýasat edarasynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli hem-de daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlaryň barşynda ezber hünärmenleri, atşynaslary, kinologlary, şol sanda alymlary we bu özboluşly milli tohumlaryň muşdaklaryny, janköýerlerini özlerinde jemleýän abraýly guramalaryň asylly işi, milli Liderimiziň ahalteke atlarynyň we türkmen alabaý itleriniň dünýä derejesindäki şöhratyny has-da artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini çözmegiň ugurlary beýan edildi.
Taýýarlan Saperi OTUZOWA,
TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet bölüminiň hünärmeni.