Ýurdumyzda ozalky bar bolan sport toplumlarynyň we desgalarynyň durky yzygiderli täzelenilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumyny görkezmek bolar.
Toplumda türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny yzygiderli geçýärler, şeýle-de olar ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlyk görýärler.
Şular bilen birlikde Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň sport mekdepleri we Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň türgenleri rejeleýin esasda okuw-sapaklaryny we türgenleşiklerini yzygiderli geçirýärler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň agzybir işgärleri – toplumda geçirilýän okuw-türgenleşik sapaklaryny ýokary derejede geçirmek boýunça irginsiz zähmet çekýärler.
Türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza bedenterbiýe we sporty dünýä derejesinde ösdürmekde berýän goldaw-hemaýatlary üçin tüýs ýürekden köp sag bolsun aýdýarys.
Hallygözel GELDIMYRADOWA,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň üpjünçilik işgäri.