«Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» ady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän XII Uniwersiada oýunlarynyň woleýbol ýaryşy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirildi.
Bu ýaryşda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bäsleşdiler.
Ilkinji hasap bäsleşigiň ilkinji minutlarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary tarapyndan açyldy. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň woleýbol topary hem erjellik görkezdi.
Muňa garamazdan garşydaş topar hem turuwbaşdan gazanylan ýeňşi elden bermedi. Gyzgalaňly geçen bäsleşik 3:2 hasabynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Sülgün BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby