Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 3-nji aýlawyna duşuşyklaryň ikisi bilen badalga berildi.
15-nji tapgyryň ilkinji duşuşygy Türkmenbaşy şäherinde geçirilip, onda ýerli «Şagadam» «Aşgabady» kabul etdi.
Bu duşuşykda ýeke-täk top derwezä geçirilip, «Şagadam» topary çempionatdaky 7-nji ýeňşini gazandy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren goly oýnuň 45-nji minutynda Ýewgeniý Tkaçenko öz adyna ýazdyrdy.
Tapgyryň beýleki duşuşygy paýtagtymyzda geçirilip, «Köpetdag» bilen «Energetik» duşuşdy. Bu duşuşykda «Köpetdag» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Şol goly 90+2-nji minunda Resul Mahmudow tora saldy.
Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň «Şagadam» 25 utuk toplap, eýeleýän 3-nji ornunda galdy. 23 utugy bolan «Köpetdag» 4-nji orny eýeleýär.
15-nji tapgyryň beýleki duşuşyklary 3-nji oktýabrda «Ahal» – «Nebitçi» hem-de «Altyn Asyr» – «Merw» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen dowam etdiriler.
www.tff.com.tm