Soňky habarlar

«7/24.tm» elektron neşirinde 1 döwde nädip 2 gezek ýeňip bolýandygy beýan edilýär

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynyň nobatdaky 18-nji sany okyjylara gowuşdy.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň elektron goşundysynyň täze sany Garaşsyzlyk baýramyndan söhbet açýan makala bilen açylýar.  

«Sport» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we alypbaryjysy Gülendam Berdiýewanyň «Diňe suw hakynda» atly makalasy hem köpleri gyzyklandyrar diýip pikir edýäris.  

«Türkmen alabaýy – wepalylygyň, batyrlygyň, rowaçlygyň nusgasy» atly dowamly söhbetdeşlik hepdelik elektron goşundynyň 18-nji sanynda-da çap edilipdir.  

Hepdelik elektron goşundymyzda halypa žurnalist Gurbangeldi Mämmetsähedowyň «Ýatlamalarda ýylgyrýan keşpler» atly hakyky wakalara esaslanýan hekaýalar toplumyndan bölekleri okyjylarymyza hödürlemegimizi dowam edýäris. Goşundymyzyň bu sanynda çap edilen «Bir döwde iki ýeňliş» atly hekaýatda küşt hakynda gyzykly gürrüň berilýär.  

Sport synçysy Şöhrat Ýomudowyň futbol boýunça Türkmenistanyň kubogyndan we Naýbaşy kubogyndan söhbet açýan habarlaram, Allanur Çaryýewiň taýýarlan «Paýhas parçalary» hem, Begenç Annaýewiň «Men Zlatan» atly pikir ýöretmesi-de hepdelik elektron goşundymyzyň täze sanynda ýerleşdirildi.

Hepdelik elektron goşundumyzyň sahypalarynda türkmen sportunyň taryhyndaky buýsançly pursatlar we dünýä sportunyň täzelikleri bilenem tanşyp bilersiňiz.

Aýbölek ÄRNAZAROWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň habarçysy.