Soňky habarlar

Sekizlik belgili derwezeçi» we Messiniň halaýan oýny

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynyň nobatdaky 17-nji sany okyjylara gowuşdy.

Hepdelik elektron goşundysynyň nobatdaky sanynda-da sportuň dürli görnüşlerinden söhbet açýan gyzykly makalalardyr habarlara giňişleýin orun berildi. Olaryň arasynda «Sekizlik belgili derwezeçi» we Messiniň halaýan oýny hakyndaky makalalar has-da özüne çekse gerek. Munuň üçin Begenç Annaýewiň ýatlamasyny we tekboldan söhbet açýan materialy okamak gerek.

Elektron goşundy «Sagdyn we bagtyýar durmuşyň esaslary» atly habar bilen açylýar. « Sport» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we alypbaryjysy Gülendam Berdiýewanyň «Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi» atly makalasy hem okyjylary gyzyklandyrar diýip pikir edýäris.

«Türkmen alabaýy – wepalylygyň, batyrlygyň, rowaçlygyň nusgasy» atly dowamly söhbetdeşlik hepdelik elektron goşundynyň 16-njy sanynda okyjylara ýetirilip başlandy. Halkara türkmen alabaý itleri assosaisiýasynyň agzasy Döwletmyrat Kürrükow bilen taýýarlanan bu söhbetdeşligiň dowamy hepdelik elektron goşundysynyň 17-nji sanynda hem çap edildi.

Hepdelik elektron goşundumyzyň sahypalarynda ýaşlaryň döredijiliginden söhbet açýan, zehinli ýaşlar hakynda gürrüň berýän makalalary hem okap bilersiňiz. Şeýle-de, türkmen sportunyň taryhyndaky buýsançly pursatlar, milli sportumyň we türgenlerimiziň ýetýän belent sepgitleri, dünýä sportunyň täzelikleri bilen hem tanşyp bilersiňiz.

Aýbölek ÄRNAZAROWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň habarçysy.