Özbegistanyň futbol çempionatynyň 1-nji aýlawynyň jemi boýunça iň netijeli çykyş edýän oýunçylaryň dürli ugurlardaky görkezijileriniň sanawy düzülipdir. Bu sanawda AGMK toparynda çykyş edýän ildeşimiz Arslanmyrat Amanow 1-nji orny eýeläpdir.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy Arslanmyrat Amanow Özbegistanyň çempionatynyň 1-nji aýlawynda AGMK-nyň düzüminde derwezelere 19 gezek urgy edip, şolaryň 7-si dürs urgy hökmünde hasaba alnypdyr. Şol 7 urgynyňam 2-sinde tora pökgi girizilipdir.
Onuň yzýanyndaky orunlary «Gylzylgumdan» E.Grigalaşwili (18-11-4) bilen «Bunýodkordan» S.Tursunow (18-7-3) eýeleýär.
Çempionatyň 1-nji aýlawynda geçiren oýunlarynda bir gezegem ýeňlip görmedik AGMK topary 46 gezek jerime urgusyny ýerine ýetirip, diňe bir gezek gol salypdyr.
Şol ýeke-täk goluň hem türkmenistanly oýunçy Arslanmyrat Amanowa degişlidigini ýatladýarys. Ol «Surhan» bilen geçirilen oýunda tapawutlanypdyr.
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» hepdeik elektron goşundysy (№16, 2020)