Soňky habarlar

Agyz-burun örtüklerini dogry ulanýarsyňyzmy?

Bu ýönekeý, emma örän möhüm! Sebäbimi?! Sebäbi häzirki günlerde ýurdumyzyň çägine amatsyz howa akymy aralaşyp, howada tozanyň düzümi agdyklyk edýär. Saglygymyzy goramak, ozaly bilen, özümize bagly. Agyz-burun örtüklerini ulanmak bilen, diňe özümizi däl, eýsem, daş-töweregimizdäkileri hem keselleriň ýokuşmagyndan goraýandygymyzy unutmaly däldiris!

Aslynda, agyz-burun örtüklerini köplenç saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri peýdalanýarlar. Emma agyz-burun örtükleri diňe bir lukmanlaryň iş serişdeleriniň biri bolmak bilen çäklenmän, dürli ýokanç kesellerden we howadaky tozan bölejiklerinden goranmagyň hem ygtybarly usullarynyň biridir. Agyz-burun örtükleri daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, şahsy gorag serişdeleri bolan şeýle örtüklerini saglygyny goramagyň aladasyny edýän her bir adamyň ulanmagy maksadalaýykdyr.

Ýogsa-da, agyz-burun örtüklerini kada laýyk ulanýarsyňyzmy?! Bu babatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy käbir maslahatlary berýär:

— agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly;

— dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli;

— agyz-burun örtügini dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalşyň;

— agyz-burun örtügiňizi aýyranyňyzda, ýörite tutawaçlaryndan tutmaly;

— ulanyp bolanyňyzdan soň, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly;

— agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soň hem hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly.

Lukmanlar agyz-burun örtüklerini 2 sagatdan köp ulanmazlygy maslahat berýärler. Örtükleri çygly ýagdaýda ulanmaly däldir. Häzir tomus pasly dowam edýär. Şonuň üçin-de, hökman agyz-burun örtüklerini ulanyň! Bu hemmeleriň sagdynlygy üçin örän möhümdir.

Источник: газета «Türkmenistan»