Şu gün (09.09.2020) Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy mynasybetli maslahat geçirildi.
Maslahat Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda guraldy.
Bu ýerde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy S.Owganow, şeýle-de, institutyň mugallymlarydyr talyplary çykyş etdiler.
Olar öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň halkymyza gowuşmagynyň Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna uly sowgat bolandygy hakynda buýsançly gürrüň etdiler.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn Nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşy bolsa bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Ogultuwak ORAZMYRADOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.