Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginde we garamagyndaky etrap-şäher sport we ýaşlar syýasaty bölümlerinde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eseriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara sport ulgamynyň işgärleri, halypa tälimçiler we türgenler gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler ýaş nesillerimizi türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan döwletlilik ýörelgesinde terbiýeläp ýetişdirmekde bu nurana eseriň ýol görkezji bolup durýanlygy barada nygtap geçdiler.
Ýaşlary sporta höweslendirmekde, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmaga ýardam bermekde hem Gahryman Ardagymyzyň ajaýyp eseriniň uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen bellediler.
Çykyş edenler türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Ardagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi