Soňky habarlar

Adaty karateniň adaty däl ýörelgesi

Adaty karateniň türkmenistanly wekilleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hakynda häli-şindi eşidip durmak adata öwrüldi. Olar daşyndan göräýmäge adaty ýigitler, adaty tälimçiler, iň esasy bolsa adaty karateçiler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýew bilen medeni çäreleriň birinde pikir alyşmak miýesser etdi. Şonda öl özleriniň adaty karateni wagyz edýän adaty türgenlerdigini nygtady. Şu jümläniň özem olaryň häsiýetleriniň, ýörelgeleriniň adaty däldigini görkezýär.

Adaty karateniň halypalarynyň biri özleriniň güýji toprakdan, ruhubelentligi asmandan alýandyklaryny düşündirdi. Öňde goýlan maksada ýetmek islegi bolsa olara gujur-gaýrat berýär. Indi göz öňüne getirip görüň: gujurly, ruhubelent, maksadaokgunly türgenleri hormat münberine çykyp, öz ýeňşiniň şanyna milli tuguny belentde parlatmaga näme päsgel berip biler?!

Ýeňişli menzilleri külterleýän ruhubelent nesiller sportuň görnüşlerini saýlap alanlarynda diňe bir maksada — üstünlik gazanmak maksadyna gulluk edýärler. Başa-baş söweş sungatlarynyň arasynda iň meşhurlarynyň biri bolan adaty karateni saýlap alan ýaşlaryň onuň adaty günleri ýatdan çykmajak pursatlar bilen bezeýän görnüşdigine göz ýetirýärler.

«7/24.tm» hepdelik elektron goşundysy