Soňky habarlar

Gorag örtükleri goraýjydyr

Örtükler asgyrmak, üsgürmek we howa-damja arkaly geçip bilýän ýokançlaryň öňüni almak üçin niýetlenendir.

Gaýtadan ulanylýan örtügi diňe täzeden işlenilenden soňra ýene-de ulanyp bolýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Ol öý şertlerinde sabyn ýa-da ýuwujy serişde bilen ýuwulmalydyr, bug pürküji ütük bilen ütüklenilmelidir. Gaýtadan işlenenden soňra, örtük çyg bolmaly däldir, şonuň üçin ahyrynda bug pürkmezden gyzgyn ütük bilen ütüklemelidir.

Örtükleriň ulanyş we öňüni alyş usullary, ýagny galtaşmazlyk, ýygy-ýygydan el ýuwmak bilen utgaşykly alnyp barylsa peýdalydyr we olary ulanmagyň zerurlygy dürli toparlarda we ýagdaýlarda tapawutlanýar.

Adamlar köpçülik ýerlerinde, jemgyýetçilik ulaglarynda örtügi hökman ulanmalydyr. Şeýle hem örtügi lukmançylyk kömegini berýän we näsaglara seredýän adamlar geýmelidirler.

Iki-üç sagat ulanylandan soň, örtügi çalşyp durmaly. Dokalan däl serişdeden bir gezek ulanmak üçin niýetlenen lukmançylyk örtükleri gaýtadan ulanylmaly ýa-da gaýtadan işlenilmeli däldir. Öý şertlerinde bir gezek ulanylýan lukmançylyk örtügini aýratyn ýerde, agzy berk ýapylýan gapda goýmaly we diňe zir-zibil gutusyna taşlamaly.

www.metbugat.gov.tm