Soňky habarlar

Saglyk bilen sportuň sazlaşygy

Hormatly Prezidentimiz saglyk hakynda: «Sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr» diýip belleýär. Bu günki gün ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň şeýle dürdäne sözlerini baýdak edinip, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuş kadasyna öwürdiler.

Sport — gözellik hem sagdynlyk. Sport — sazlaşyk hem ruhubelentlik, sagdyn bolmaga kuwwatly itergi berýän güýç, saglygyň gözbaşy. Ýurt Baştutanymyz ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagy üçin örän uly aladalar edýär. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen sport desgalarynyň onlarçasy indi ençeme ýyl bäri halkymyzyň hyzmatynda.

Halkymyzda «Baş saglygym — dünýe baýlygym» diýilýär. Muňa dogry düşünýän raýatlarymyz dürli maşklary ýerine ýetirip, sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ylaýta-da, ruhy zähmet bilen meşgullanýan adamlara maşklaryň görnüşlerini ýerine ýetirmek diýseň zerur. Bu bolsa uzak günki çekjek zähmetiňe hyjuwly ýapyşmaga ýardam berýär.

www.metbugat.gov.tm