Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe we sanly ulgama geçirmek, internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna Türkmenistanyň gatnaşmagyny giňeltmek, elektron neşirleriň mahabatyndan girdeji almak, saýtlary hem-de beýleki web-serişdeleri döretmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly tarapyndan degişli işler geçirildi. Şonuň netijesinde «Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysy okyjylara ýetirildi. Okyjylar e-goşundy bilen «www.metbugat.gov.tm» saýtynyň «gazetler» bölüminde tanşyp biler.
Dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistan Watanymyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek babatda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyrmak, türkmenistanly türgenleriň we tälimçileriň gazanan we gazanýan üstünliklerini giňden açyp görkezmek, ýurdumyzyň sport syýasatyny žurnalistikanyň dürli žanrlary we usullary arkaly wagyz etmek «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň döredijilik toparynyň öňünde möhüm wezipe bolup durýar.
«Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysy her hepdäniň duşenbe güni okyjylara ýetiriler. Ondaky materiallar türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanylyp, her bir makala ýa habar žurnalistikanyň döwrebap talaplaryndan ugur alnyp taýýarlanylar. Şeýle-de, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen gyzykly materiallar elektron goşundyda mynasyp orun alar.
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly