Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Halkara baýram mynasybetli ýaryşlar

Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sport ýaryşlary guraldy.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bellenilen Bütindünýä welosiped güni has-da ýatdagalyjy boldy. Çünki bu baýramyň bosagasynda Halkara welosipedçiler birleşiginiň hormatly Prezidentimizi bu guramanyň ýokary sylagy bilen sylaglandygy hakyndaky hoş habar şatlygymyza şatlyk goşdy.

Daşoguz welaýatynyň ýokary we ýörite orta hem-de hünärment mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilen sportuň welosport, el göreşi (armrestling) hem-de tanap çekmek boýunça ýaryşlaryna gatnaşanlar milli Liderimizi bu ýokary sylaga mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden mübäreklediler.

www.msy.gov.tm