Soňky habarlar

Welaýatlarda geçirilen maslahatlar

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň çäginde, dynç alyş maksatly binalaryň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Bu şanly waka mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda hoşallyk maslahatlary geçirildi.

Ahal welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdep-internatynda okuwçylaryň, türgenleriň we mugallymlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Mary welaýatynda guralan dabara gatnaşýanlar Türkmen döwlet energetika institutynyň mejlisler zalyna ýygnandylar. Bu okuw jaýy bilen bilelikde Mary welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi maslahatyň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan hoşallyk maslahatynda türgenler bilen bilelikde muzeýiň işgärleri hem çykyş etdiler. Bu maslahat Lebap welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi we «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Lebap welaýat bölümi tarapyndan guraldy.

Balkan welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda geçirilen maslahatda hem ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek babatda toplanan tejribäniň hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygy bellenilip geçildi.

Hoşallyk maslahatlaryna gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtly geljegi üçin taýsyz tagalla edýän milli Liderimize alkyş aýtdylar.

www.msy.gov.tm