Soňky habarlar

«El hünäri il gezer»

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «El hünäri il gezer» ady bilen milli däp-dessurymyza bagyşlanan dabara geçirildi.   

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň gurmagynda geçirilen bu çäre talyp gyzlar işjeň gatnaşdylar. Olar özleriniň çeperçilik bilen sünnäläp eden ýakalaryny, tiken köýneklerini görkezdiler. Talyp gyzlaryň tikin-çatyn bilen meşgul bolanda ýerine ýetiren aýdymlary bolsa dabara gatnaşan kümüş saçly enelerimizi juwanlygyna dolady.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary, zähmet weteranlary Ogulgül Annaýewa, Aýjeren Çaryýewa dabarada gyzlara el hünäriniň ähmiýeti, onuň inçe syrlary hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de, Aşgabat şäheriniň 16-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany Nurgözel Kömekowa şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek dogrusynda söhbet etdi.

Läle ANNAMYRADOWA,

TDBSI-niň mugallymy.