Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

 Basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy

Golaýda sportuň basketbol 3x3 görnüşi boýunça ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň (U-18) arasynda Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy.

Aşgabat şäherindäki Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň sport desgasynda guralan bu ýaryşda oglanlar 16 toparda, gyzlar 12 toparda toparda bäsleşdiler.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşyň netijesinde Balkan-1 topary I orna, Lebap-1 topary II orna, Aşgabat-1 topary III orna mynasyp boldy.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşyň netijesinde Lebap-2 topary I orna, «Aýlar» topary II orna, Lebap-3 topary III orna eýelik etdi.

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň basketbol federasiýasynyň medallary we kubogy gowşuryldy.

Abadan AMANBERDIYEWA,

 TDBSI-niň mugallym-öwrenijisi.