Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli sport žurnalistikasy hünäriniň talyplarynyň we žurnalistleriň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň guramagynda geçirildi.
Duşuşyga «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär kätibi Şirin Şirliýewa bilen žurnalist Amanmyrat Baýmyradow gatnaşdy. Türkmen paýtagtynyň şanyna bellenilýän baýramyň ýurt möçberli dabara beslenmegine öz goşandygyny goşýan watandaşlarymyz zähmet sowgatlaryny taýýarlaýarlar. Döredijilik işgärleri bolsa bu baýramy ajaýyp eserleri döretmek bilen dabaralandyrýarlar.
Myhmanlar Aşgabat şäheri we paýtagtymyzyň şu güni hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda olar talyplaryň sowallaryna jogap berdiler.
Dörtguly JUMAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.