Soňky habarlar

Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy

Golaýda tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Çempionat «Aşgabat» köpugurly stadionynyň ýanyndaky tennis meýdançasynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirildi. 12 ýaşly we ondan uly türgenleriň arasynda guralan bu ýaryşa 70-den gowrak türgen gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň türgenleriniň işjeň gatnaşan bu ýaryşy ilkinji gezek «Garyşyk» kategoriýasynda guraldy.

Geçirilen ýaryşyň netijesinde oglanlaryň arasynda ýekelikde Ýuriý Rogusskiý I orna, Atlymyrat Kurbanow II orna, Meýlis Orazmuhammedow III orna eýe bolmagy başardylar.

Gyzlaryň arasynda ýekelikde Rožan Karajaýewa I orna, Bahar Toýmyradowa II orna, Güljan Muhammetgulyýewa bolsa III orna mynasyp boldy.

Şeýle-de erkekleriň arasynda jübütleýin ýaryşda Ýuriý Rogusskiý we Gurbanberdi Gurbanberdiýew zenanlaryň arasynda jübütleýin Anastasiýa Azimbaýewa we Güljan Muhammetgulyýewa dagylar baýrakly orna eýe bolup, ýeňişini baýram etdiler. Garyşyk görnüşinde geçirilen ýaryşyň netijesinde bolsa Gurbanberdi Gurbanberdiýew we Anastasiýa Azimbaýewa dagylar ýeňiji bolmagy başardylar.

Çempionatyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar we sowgatlar gowşuryldy.

Jennet PAÝTYKOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallym-öwrenijisi.