Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Sport mekdebiniň hokkeý boýunça açyk birinjiligi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebiniň 2006-2010-njy ýyllarda doglan türgenleriniň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça Sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirilýär.

Bäsleşige «Oguzhan», «Bürgüt», «Alp Arslan», «Şir», «Galkan» toparlary gatnaşýar. Olar aýlawly ýaryşda özaralarynda güýç synanyşarlar. 2020-nji ýylyň 23-nji maýynda Sport mekdebiniň açyk birinjiliginiň final oýny geçiriler.

Ähli ýaryşlar 2018-2022-nji ýyllar üçin Buzdaky hokkeýiň halkara federasiýasy tarapyndan kabul edilen hokkeý oýnunyň düzgünleri boýunça we şol düzgünnamanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär.

www.msy.gov.tm