Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp gelin-gyzlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde» ady bilen geçirilen bu dabara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Zenanlar guramasynyň jogapkärliginde guraldy.
Wagyz-nesihat duşuşygynda Aşgabat şäheriniň ýaşulular geňeşiniň agzasy Ogulnabat Ogulakowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Zenanlar guramasynyň başlygy Läle Annamyradowa we «Diller» kafedrasynyň uly mugallymy Ogulnäzik Isenowa dagylar gyz-gelinleriň edep-terbiýesi, milliligimiziň aýratynlygy dogrysynda gyzykly gürrüňleri berdiler.
Gülşat AMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.