Soňky habarlar

Guramaçylykly geçen çäreler

Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi. Ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar okuw sapaklarynyň, türgenleşikleriň gidişi bilen tanyşdylar. Şeýle-de olar ýokary okuw jaýynyň muzeýine, sport toplumyna hem syn etdiler.

«Açyk gapylar» syýasaty esasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Rumyniýanyň Buharest Milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň arasynda teleköpri arkaly wideoşekilli iş maslahaty geçirildi. Maslahatda talyplary we ýaş mygallymlary ylmy barlaglara çekmek, ylmy barlaglardan alnan netijeleri durmuşa ornaşdyrmak dogrusynda maslahatlaşyldy.

Şeýle-de,  türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary M.Kulyýewa adyndaky Türkmen döwlet konserwatoriýasynyň «Simfoniki» orkestriniň ýerine ýetirmeginde teleköpri arkaly çykyşlary hem diňlediler.

Gülnäzik BÄŞIMOWA,

Aýnabat PIRLIÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary.