Soňky habarlar

«Ýaş habarçy» bäsleşigine: Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar

Ýakynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli, medal gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabara «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ady bilen guraldy.

Bu ýerde urşa gatnaşan weteranlara, olaryň yzynda galan ýanýoldaşlaryna, şeýle-de, uruş ýyllarynda çagalaryny hiç zada mätäç etmän, tylda zähmet çekenlere hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» atly ýubileý medallary gowşuryldy.

Dabara onuň esasy sebäpkärleri bilen birlikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler ilki bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uruş weteranlaryna goýulýan hormatdyr sarpa, şeýle hem pajygaly uruş ýyllarynda edermenlik görkezen merdana gerçeklerimiziň söweş ýollary barada gymmatly maglumatlar bilen çykyş etdiler.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.