Soňky habarlar

«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ХI sport ýaryşlary tamamlandy

Şu gün  (06.05.2020) hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň 12-nji noýabrynda yglan eden «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ХI sport ýaryşlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Ýaryşlar Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň 11 görnüşi boýunça, orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 12, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda 8, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 21, hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işgärleriniň arasynda 9, ministrlikleriň we pudak edaralaryň işgärleriniň arasynda 8, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň 10 görnüşi boýunça uly ruhubelentlik bilen ýokary derejede geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmekde, raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmak maksady bilen geçirilen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ХI sport ýaryşy Halkara nebit we gaz uniwersitetinde uly dabarada geçirildi.

Ýokary guramaçylykda geçirilen dabara ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy bilen tamamlandy.

 Şamyrat KARATAÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.