Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 6-njy tapgyrynda «Ahal» öz meýdançasynda Marynyň «Energetik» toparyny kabul edýär. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň (www.msy.gov.tm) habarçysy «Energetigiň» öňdebaryjy oýunçylarynyň biri Rahmet Şermetowdan oýun hakyndaky pikirlerini sorady.
—Rahmet siz 5-nji tapgyrda «Altyn asyrdan» utuk alan topar hökmünde 6-njy tapgyra girişýärsiňiz. Bu ýagdaý size ruhy güýç berermi?
—Hawa, bu ýakymly duýgy. Soňky minutlarda hasabyň deňlenmegine goşant goşanlygym üçin maňa has-da ýakymly. Ýöne «Ahalyň» hem geçen tapgyrda «Köpetdagy» utanlygyny unutmaly däl. 5-nji we 6-njy tapgyryň arasyndaky galdyrlan oýny hasaba almasak, «Ahalam» 3 tapgyrda yzly-yzyna utuş gazanan topar bolýar. Bu ýagdaý bir utuk gazananyňdan ähmiýetliräk bolsa gerek. Onsoňam, garşydaşymyzyň 1-nji orunda barýandygyny unutmaly däldiris.
—Diýmek, «Energetik» goranyp oýnasa gowy bolaýjak ýaly?!
—Ýok, beýle diýjek bolmadym. Biz meýdança ýeňiş gazanmak üçin gireris we soňyna çenli göreşeris! Sebäbi her oýunda ýeňiş gazanmagy maksat edinýäris. Dogrusyny aýtsaň, şu möwsümde goragda oýnamak üçin meýdança girýän topar ýok bolaýmasa. Häzirki wagtda ýurdymyzyň çempionaty iň çekeleşikli ýaryşlaryň biri hasaplanýar. Çünki, islendik topar, islendik topardan utuk alyp biljek derejede çykyş edýär.
—Çempionatdaky maksadyňyz bilenem tanyşdyrsaňyz?
—Baýrakly orunlaryň birini eýelemek biziň baş maksadymyz bolup durýar.
—Size üstünlik arzuw edýäris!