Soňky habarlar

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli talyplar estafeta ýaryşynda güýç synanyşdylar

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän güni «Ýanardag» binasynyň ýanyndaky meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň  aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Soňra welosipedli ýörişe hem-de estafeta ylgaw ýaryşyna gatnaşyjylaryň bäsleşigine badalga berildi.

Şeýlelikde, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda geçirilen köpçülikleýin medeni-sport çäreleriniň çäklerinde guralan estafeta ýaryşy başlandy.

20 kilometr aralyga uzan estafeta ýaryşy 50 tapgyrdan ybarat bolup, olaryň her biriniň araçäginiň 400 metre deňdigini ýatladýarys. Bu bolsa bäsleşigiň has çekeleşikli we täsirli geçmegine mümkinçilik döretdi. Säher bilen başlan estafeta ýaryşynyň dowamynda has tapawutlanan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri pellehanadan ilkinjileriň hatarynda geçdiler.

 1-nji orna Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyplary mynasyp boldular (27:32,80). 2-nji orun Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny talyplaryna degişli (28:06,23). Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary 3-nji orna eýelik etdiler (28:57,33).

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary pellehanada estafeta ylgaw ýaryşynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we sowgatlary gowşurdylar.

Gurtgeldi GARÝAGDYÝEW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaşlar syýasaty we sport çäreleri bölüminiň başlygynyň orunbasary.