Soňky habarlar

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Saglyk ýoluna ýöriş

26-njy aprelde «2020-nji ýyl — «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» diýen şygar astynda geçirilen köpçülikleýin medeni-sport çäreleriniň çäklerinde säher bilen Köpetdagyň etegindäki jana şypaly howasy bilen tanalýan Saglyk ýoluna ýöriş guraldy. «Sagdyn ýaşlarymyz eziz diýarymyzyň sütünidir» şygary astynda guralan ýörişe ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

Saglyk ýolunyň ertirki tämiz howasynda ýöremegiň peýdasy barada ozalam köp ýerlerde agzalypdy. Şonuň üçin Saglyk ýolunyň 8 kilometrligine guralan köpçülikleýin ýörişiň has täsirli bolmagy üçin gyzykly medeni çäreler we görkezme çykyşlar bilen utgaşdyryldy.

Saglyk ýoluna yzygiderli ýöriş etmegi endige öwürmek bolsa ömrüňizi uzaltmaga, birnäçe keselleriň öňüni almaga hem-de bedeniňizi elmydama berk saklamaga kömek berer. Şonuň üçin hem günde ertirki ýörişden lezzet almak bilen öz saglygymyzy berkidýändigimizi unutmaly däldiris.

www.msy.gov.tm