«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň şygary astynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda küşt we kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi.
Ýaryş Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan guralyp, teatryň döredijilik işgärlerinden (artistlerden) we tehniki işgärlerden düzülen iki topar özara bäsleşdi.
Ýaryşyň birinji gününde küşt boýunça ýaryş geçirilip, 1-nji orna Gurbanberdi Nurymow, 2-nji orna Maksat Hudaýgulyýew, 3-nji orna bolsa Maral Ataýewa mynasyp boldy.
Ýaryşyň ikinji gününde toparlar kiçi futbol boýunça bäsleşdiler. Gyzgalaňly dowam eden bu bäsleşikde artistlerden düzülen topar 10:7 hasaby bilen ýeňiş gazanmagy başardy.
Ýaryşa gatnaşyp tapawutlananlara teatryň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Döwlet Halmämmedow ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Ýunus ALLANAZAROW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.