2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde şeýle-de, Aşgabat şäheriniň 109-njy çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda bedenterbiýe maşklary hem-de düzzüm, basketbol boýunça öwrediji sapaklar geçirildi.
Ady agzalan sapaklara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Yzygiderli geçirilýän öwrediji okuw sapaklary körpe nesliň sporta bolan höwesini has-da artdyryp, olaryň berk bedenli, ruhubelent, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär.
Bu sapaklar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölüminiň hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.
Şöhrat ORAZOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni.