«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda sport we ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sporty ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, sport bilen meşgullanmaga höwesli bolan ýaşlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Uniwersiadanyň sport ýaryşlary uly ruhy belentlikde dowam edýär.
XI Uniwersiadanyň düzümine girýän sportuň gandbol (gyzlar) görnüşi boýunça ýaryşy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçirildi.
Ýaryşyň netijesi boýunça I orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndysy, II orny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýygyndysy, III orny bolsa Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýygyndysy eýeledi.
«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Uniwersiadanyň sport ýaryşlary Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýär.
Şöhrat ORAZOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni.