Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Olimp» orta sport mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäreleri geçirildi. Sport bäsleşiklerine sport mekdebiniň tälimçileridir okuwçylary gatnaşdylar. Şeýle-de, okuwçylar bilen maşklar ýerine ýetirildi.
Bütindünýä saglyk gününiň bellenilýän senesi mynasybetli «Olimp» orta sport mekdebiniň mejlisler zalynda okuwçy-türgenleriň, sport lukmanlarynyň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy guraldy.
Duşuşygyň dowamynda ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesini endigine öwürmelidigi hakynda gürrüň edildi hem-de gigiýena kadalaryny doly berjaý etmek barada düşündiriş işleri geçirildi.
www.msy.gov.tm