Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Sanly metbugatyň» nobatdaky sany ýaýlymda

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynda her hepdäniň duşanbe we penşenbe günleri ýaýlymda berilýän «Bitaraplyk. Sport. Parahatçylyk» gepleşiginde goýberilýän «Sanly metbugat» sahypasynyň nobatdaky sany ýurdumyzyň sport toplumlarynda sagdyn durmuş ýörelgesini we gigiýena arassaçylygyny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlandy.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilýän gündelik habarlar bilen gysgaça tanyşdyrýan bu sahypada «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär kätibi Şirin Şirliýewa bir hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, şeýle-de welaýatlaryň sport desgalarynda, türgenleşik ýerlerinde arassaçylygy berjaý etmek boýunça ýerleşdirilen habardyr makalalara syn berýär.

Jennet PAÝTYKOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.