Soňky habarlar

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününde köp sanly sport çäreleri guralar

1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir, hut 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi, häzirki wagtda dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar.

Düýn «Watan» habarlar gepleşiginiň agşamky goýberilişinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutanymyz türkmen sportunyň okgunly ösüşini belläp, dünýä sport hereketinde ileri tutulýan ugurlara ünsi çekdi, watandaşlarymyza berk jan saglyk we berk bedenli bolmagy arzuw etdi.

Milli Liderimiz ýaş nesliň beden taýdan işjeňligini saklamaga, türkmenistanlylaryň saglygyny dikeltmäge hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän çärelere uly üns berýär.

Türkmen sportunyň taryhy ençeme onýyllyklary öz içine alýar, Aşgabatda ilkinji welosiped sporty klubunyň, baryp, 1908-nji ýylda açylandygyny aýtmak hem ýeterlikdir. Garaşsyzlyga eýe bolunmagy bilen Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri ösdürilip başlandy, olaryň hatarynda Aziýa sebiti üçin häsiýetli bolmadyk buzda hokkeý oýnamak, figuralaýyn typmak we kýorling bar.

Türkmen türgenleri ýokary ähmiýetli köp sanly dünýä sport forumlaryna gatnaşýarlar hem-de ähli ýaryşlardan diýen ýaly dürli derejeli medallar bilen gaýdyp gelýärler.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän sport syýasaty netijesinde dünýä we sebit ähmiýetli çempionatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi, 2017-nji ýylyň güýzünde bolsa Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.

Türkmen topragynda eýýäm iň häzirki zaman müňlerçe sport desgalary: köpugurly toplumlar, türgenleşmek üçin ähli zerur enjamlary bolan sport zallary, ýüzüş howdanlary, futbol meýdançalary we welotrekler hereket edýär.

Türkmenistanda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň bedeni we ruhy taplaýandygyny, adamda berk erki pugtalandyrýandygyny döwlet Baştutanymyz öz şahsy göreldesi bilen subut edýär. Şonuň üçin hem 7-nji aprel Türkmenistan üçin üýtgeşik senedir.

Seýilgählerde, döwrebap şaýollarda we sport mekdeplerinde, köpugurly sport toplumlarynda we medeniýet öýlerinde, kitaphanalaryň, teatrlaryň, muzeýleriň we kärhanalaryň öňündäki meýdançalarda müňlerçe adamlar irki maşklary ýerine ýetirerler, aýdym-sazlar ýaňlanar. Saglyk ýollaryna çykylar hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça gyzykly ýaryşlar geçiriler.

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary çeper gimnastika we sport akrobatikasy boýunça görkezme çykyşlara tomaşa ederler, kiçi futbol we woleýbol ýaryşlaryna gatnaşarlar, boksçularyň, dzýudoçylaryň we erkin göreş ussatlarynyň tutluşyklaryna tomaşa ederler, küşt tagtalarynyň başyna geçip, özleriniň aň-paýhas başarnyklaryny görkezer.

Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreler ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda sport desgalarynyň sany artýar, köp sanly dürli häzirki zaman sport düzümleri peýda bolýar, olar iň ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilendir, adamlaryň barha köp sanlysy sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp başlaýarlar.

Her ýyl Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji aprelde guralýan çärelere gatnaşmaga höwesekleriň sany artýar. Nobatdaky saglyk güni hem halkymyza berk beden saglygyny, şähdaçyklygy, ruhubelentligi, ýakymly duýgulary bagyşlar.

Häzirki wagtda türkmenistanlylar sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanýarlar.

www.tdh.gov.tm