Soňky habarlar

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan duşuşyk

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda mähriban Prezidentimiziň başda durmagynda watanymyzyň rowaçlygyna we sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak ugrundaky syýasatynyň örän oýlanyşyklydygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy bolan milli Liderimize alkyşlar aýdyldy.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan duşuşyk Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda geçirildi.

www.msy.gov.tm