Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Futboluň saglyga peýdasy» atly duşuşyk

Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunda geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň guramagynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda «Futboluň saglyga peýdasy» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga ady agzalan sport mekdebiniň ýaşajyk futbolçylary gatnaşdylar. Olaryň öňünde Futbol boýunda geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň direktory Azat Muhadow çykyş etdi.

Sport mekdebiniň lukmany Çary Ataýew arassaçylyk kadalary barada gürrüň berdi. Tälimçi-mugallym Şyhmyrat Sabjanow futboluň saglyga peýdasy hakynda, usulyýetçi Begenç Garaýew «Türgenleriň taýýarlygy fiziki maşklaryň esasy» diýen mowzukda çykyş etdi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda tälimçi-mugallymlar Eziz Annamuhammedow bilen Hojaligurban Öwezowyň tälim berýän futbolçylary «Aşgabat» köpugurly stadionynyň meýdançasynda okuw-türgenleşiklerini we ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler.

«Futboluň saglyga peýdasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

www.msy.gov.tm