Parasatly ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler.
Mysal üçin, häzirki döwürde türkmen tebigatynda bitýän üzärlik asyrlaryň dowamynda bejerijilik häsiýeti bilen birnäçe keselleriň garşysyna ulanylýan serişde hökmünde bellidir. Ol häzirki zaman lukmançylygynda hem giňden peýdalanylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 13-nji martynda geçirilen mejlisinde hem nygtap belledi.
Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň I jiltinde üzärligiň peýdalanylyşy, ondan dermanlyk taýýarlanylyşy hem-de ulanylyş usullary giňden beýan edilýär. Pederlerimiz üzärligi çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar. Wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy bireýýäm subut edildi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik eserinde gadym döwürlerdän bäri derman hökmünde ulanylyp gelýän burçuň peýdasy hem giňden beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu eserinde burçuň halk lukmançylygynda köp keselleri, şol sanda dümewi we üsgülewügi bejermekde derman ýa-da dep ediji serişdelere goşundy hökmünde ulanylýandygy aýdylýar. Ylmy lukmançylykda hem bu ösümlik giňden ulanylýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanda lukmançylyk ulgamynyň nyşanynda üzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Ol türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda köp sanly keselleriň öňüni almak we olary bejermek babatda giňden peýdalanylýar.
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.