Soňky habarlar

Talyp gyzlar bäsleşdi

Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda milli bahar baýramy mynasybetli gyzlaryň arasynda milli tagamlary taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň talyp gyzlarynyň işjeň gatnaşan bu bäsleşigi «Ajap gözelligini paýlap äleme, Nowruz geldi Arkadagly ilime» ady bilen geçirildi.

Talyplar «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan peýdalanyp unaş, palaw, dograma, semeni, pişme, çekdirme ýaly milli tagamlary taýýarladylar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň baş binasynda guralan bu bäsleşigiň netijesinde Bedenterbiýe fakulteti I orna mynasyp boldy. Sport fakulteti II orna, Sportuň olimpiýa görnüşleri fakulteti bolsa III orna eýe bolmagy başardy.

Ýaryşda öňdeligi eýelemegi başaran bedenterbiýe fakultetiniň talyp gyzlaryna ýokary okuw mekdebiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çaryýar SYLAPOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.