Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyplarynyň 2020-nji ýylyň 17-nji fewraly 23-nji marty aralygynda önümçilik tejribesini geçýän döwründe Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda mekdeplerde bedenterbiýe sapaklary bilen utgaşdyrylyp, sportuň birnäçe görnüşlerini öwrediji okuw-türgenleşik sapaklary we sport çäreleri hem-de Olimpiýa oýunlary, Dünýä çempionatlary, Aziýa oýunlary, milli oýunlary boýunça umumy sapaklar geçirildi.
Bu sapaklaryň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde ylalaşan meýilnamasy esasynda amala aşyrylandygyny aýtmak gerek.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe, sport sagaldyş hereketiniň durmuşa geçirilmeginde, berk bedenli, ruhubelent, kämil şahsyýetleri kemala getirmek, watansöýüji, giň dünýä garaýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle-de, ýaş nesillerimiziň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen bilen geçirilen sapaklar çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.
Şol işleriň çäklerinde Aşgabat şäheriniň 85-nji orta mekdebinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň önümçilik tejribesini geçýän 4-nji ýyl talyplary D. Ataýewiň, A.Kerimowyň, G.Ataýewiň guramagynda sportuň basketbol 3x3, stol tennis görnüşi hem-de tanap çekmek, päsgelçiliklerden geçmek ýaly hereketli oýunlar boýunça öwrediji bedenterbiýe sapaklary geçirildi.
Şöhrat ORAZOW,
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni.