Golaýda (14.03.2020) Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda sport mekdeplerinde boks boýunça tälimçileriň alyp barýan işlerini seljermek üçin maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary, bölüm başlyklary, Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň wekilleri, boks boýunça tälimçiler gatnaşdylar.
Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde gurlan bu maslahatyň başynda D.Gulgeldiýew ýurdumyzda sport ulgamynyň ösüşi, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän işler hakynda çykyş etdi.
Soňra maslahatyň dowamynda milli ýygyndymyzy ýaryşlara taýýarlamak, Türkmenistanda sportuň boks görnüşini has-da ýaýbaňlandyrmak, Türkmenistanyň boks federasiýasynyň 2 ýylyň dowamynda alyp baran işleri barada hasabatlar hem-de ýurdumyzda boks boýunça milli we halkara derejeli eminleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler babatdaky çykyşlar diňlenildi.
www.msy.gov.tm