Soňky habarlar

Dzýudo boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi tamamlandy

Golaýda (12.03.2020) dzýudo boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginiň tamamlananlygy barada Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi habar berýär.

«Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy» sport öýünde geçirilen bu ýaryş 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda guraldy. Türgenler ýaryşda 10 agram derejesinde bäsleşdiler.

Ýaryşyň netijesi boýunça Ş.Piriýew (35 kg.), E.Şöhradow (38 kg.), A.Nuryýew (42 kg.), S.Myratgulyýew (46 kg.), M.Muhammedow (50 kg.), A.Amanow (55 kg.), B.Orazmämmedow (60 kg.), G.Sopyýew (66 kg.),A.Hojagulyýew (73 kg.), A.Mämmedow (+73 kg.) dagylar öz agram derejesinde I orna eýe bolmagy başardylar.

119 türgeniň işjeň gatnaşan ýaryşynyň jemi boýunça toparlaýyn I orna 4-nji sport mekdebi, II orna «Ýaş olimp» sport mekdebi, III orna bolsa 2-nji sport mekdebi mynasyp bolmagy başardy.

Ýaryşda baýrakly orna mynasyp bolan türgenlere Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy.

Ysmaýyl ORAZOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.