Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Kabaddi boýunça Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi

«Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Gumdag şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda sportuň kabaddi görnüşi boýunça Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi ýaryşy geçirildi.

Gumdag şäheriniň sport mekdebinde geçirilen ýaryşda I orna Gumdag şäheriniň 1-nji topary mynasyp boldy. Ýaryşy Türkmenbaşy şäheriniň 1-nji topary II orun bilen, Gumdag şäheriniň 2-nji topary bolsa III orun bilen tamamlady.

Çekeleşikli geçen ýaryşda baýrakly orunlary eýelän toparlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary, medallar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

www.msy.gov.tm