Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Sambo boýunça milli çempionat

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Sambo boýunça erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» şygary bilen Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Bäsleşikler Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 4-nji sport mekdebinde (Gökje ýaşaýyş toplumy) guraldy.

Çempionatyň birinji güni görkezilen agramlarda türgenler öz aralarynda tutluşyklary geçirdiler.

Sambo (erkekler) - 52kg, 62kg, 74kg, 90kg, +100kg;

Sambo (aýal-gyzlar) - 48 kg, 56 kg, 64 kg, 72 kg, +80 kg;

Çempionatyň ilkinji görkezilen agramlar boýunça deslapky tutluşyklar geçirildi.

Sambo (erkekler) - 57kg, 68kg, 82kg, 100kg;

Sambo (aýal-gyzlar) - 52 kg, 60 kg, 68 kg, 80 kg;

Çempionatyň jemleýji güni her bir agram boýunça ýeňijileriň atlary belli edildi.

www.msy.gov.tm