Bagtyýar döwrümiziň bagtyýar zenanlary Eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine, özgerişlerine özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynda baý medeni mirasymyzy gorap saklamakda, bu günki nesillere ýetirmekde, wagyz-nesihat etmekde zenan maşgalanyň möhüm orny bar. Gelin-gyzlarymyzyň el-hünärinden döredýän ajaýyp halylary, keşdedir-gaýmalary, sypaýydan milli egin–eşikleriniň dünýäni haýrana goýýandygyny biziň hemmämiz bilýäris!
Baky Bitaraplyk baýramymyzyň 25 ýyllyk toýunyň ýokary derejede toýlanjak «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» ýylynda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen bilelikde guramagynda, ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp «Zenan kalby ýaly ajaýyp güller» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Baýramçylyk duşuşygyna ýurdumyzyň medeniýet-sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlar gatnaşyp özleriniň ajaýyp aýdymdyr, goşgulary bilen çykyş edip, dabara gatnaşyjylaryň şatlygyny goşalandyrdylar.
Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden medeniýet-sungat ussatlaryna, ýazyjy-şahyrlara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli sowgatlar gowşuryldy.
Ogulnabat KÖSÄÝEWA,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni.